Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga

kabul edýändigini yglan edýär

1. Turkmen milli saz gurallary.

2. Kirişli saz gurallary.

3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

4. Aýdym (wokal).

5. Saz mugallymçylygy.

6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

7. Halk tansy.

8. Fortepiano.

9. Hor dirižýorlygy.

10. Halk saz gurallary.

Ýörite sungat mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň aýdym (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- sazçylyk bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde (Abadan etr.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri - hünäri boýunça, forte­piano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halk tansy, aýdym (wokal) hünärleri - hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärleri - hünäri boýunça, solfedžio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär,

 

Ahal weiaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Abadan etr., Arkadag köçe, 1

tel.: 33-52-41, 33-48-78.


Haladym 

 ()

Ömrüňi uzaldýan önümler

1050 6 03.05.2016

Gaplaňlaryň sany artdy

693 1 29.04.2016

TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRLIGINIŇ SÖWDA- KOOPERATIW MEKDEBI

412 1 17.07.2017

Element näme? Umumy aýratynlyklary nähilidir?

1018 2 06.05.2016

DAŞOGUZ WELAÝAT MALIÝE- YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

670 10 17.07.2017

Geljekde kosmos giňişligindäki peýdaly gaty gazma baýlyklar özleşdirilip başlanylar

1313 2 31.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!