Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET MILLI GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Howa gämileriniň uçuşda ulanylyşy (käri — uçarman, nawigator).

2. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy (käri - radiolokasiýa we radionawigasiýa boýunça tehnik, aragatnaşyk boýunça tehnik).

3. Howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy (käri - uçuşlary elektrotehniki yşyklandyryş bilen üpjün edýän tehnik-elektrik).

4. Awiasiýada ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek (käri - ýangyn howpsuzlygy boýunça tehnik).

5. Awiasiýanyň howpuzlygyny üpjün etmek (käri - awiasiýa howpsuzlygynyň inspektory);

6. Awiasiýada gatnawy guraýyş (käri - gatnawy guraýyş boýunça tehnik).

Mekdebe Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik, harby bileti bolan, saglyk ýagdaýy raýat awiasiýasynyň uçuş we tehniki işine ýaramly oglanlar, awiasiýanyň howpuzlygy­ny üpjün etmek we awiasiýada gatnawy guraýyş hünärlerine ýaşy 18-den 23-e çenli gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Kabul edilýänleriň ýaşy 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-njy ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýa- zylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- narkologik hem-de psihonewralogik dispanserlerden güwähat;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde sekiz sahy fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Okuwa girýänler saýlap alan hünärine laýyklykda, lukmançylyk we psihologik taýdan seçip-saýlanmaklykdan geçýärler.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-sine, 24-i we 26-sy günlerinde «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan

aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar.

 

«Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, aeroport; tel.: 23-48-09.


Haladym 

 ()

DAŞOGZUŇ M.GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

668 2 20.07.2015

AŞGABAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

347 0 17.07.2017

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

13442 54 14.07.2015

TÜRKMEN ОBА HOJALYK INSTITUTY

1854 0 15.07.2015

«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET MILLI GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI

985 1 21.07.2015

Russiýa Marsa maýmyn uçurmakçy

1125 0 03.11.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!