Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK BARADAKY DÖWLET KOMITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYYAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Myhmanhana hyzmatlary.

2. Ykdysadyýet we dolandyryş (pudaklar boýunça).

3. Durmuş-medeni hyzmat ediş we syýahatçylyk.

4. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy.

5. Syýahatçylykda mahabat, marketing we dizaýn.

6. Syýahatçylyk hyzmatlary

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler

ýazylyş şahadatnamasyhy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

myhmanhana hyzmatlary, durmuş-medeni hyzmat ediş we syýahatçylyk hünärleri - Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, jemgyýeti öwreniş;

syýahatçylyk pudagynda ykdysadyýet we dolandyryş hünäri - matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy hünäri - himiýa, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul ediimek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri, M. Kösäýew köçesi, 49, tel.: 36-37-09, 36-48-14, 36-48-15.


Haladym 

 ()

Alymlar lazeriň kömegi bilen Ýeri “doňdurmak” usulyny oýlap tapdylar

1059 7 26.05.2016

AŞGABADYŇ A.KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

3604 5 20.07.2015

Beýik fiziki açyşlar

1970 7 02.05.2016

BALKAN LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

327 0 17.07.2017

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

535 0 13.07.2017

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

604 0 13.07.2017





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!