Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


ABŞ britan hakerini ýok edilmelileriň sanawyna goşdy


21 ýaşly kompýuter hünärmeni we Beýik Britaniýanyň raýaty, ýagny Yrak we Lewanta Islam döwletiniň terrorçylarynyň (IGIL) hatarynda, Pentagon tarapyndan 3-nji belgili ýok edilmelileriň sanawyna goşuldy. Aýtmaklaryna görä, IGIL-iň Kiber-halifat atly haker toparynyň düzüminde hereket edýär. Onuň hasabynda birnäçe wajyp kiberjenaýatlar bar, şol sanda Pentagonyň sossial torlardaky akkauntynyň döwülmegi.

Ýaş kompýuterçi Junaid Hussain britaniýadaky terrorçylaryň wagyzyna birnäçe ýyl mundan ozal düşüpdi, 2013-nji ýylda bolsa Siriýa tarap gitdi.

Haker, Abu Hussain al-Britani lakamy bilen hereket edýär, ol özüniň zyýanly hereketlerini birnäçe ýyl mundan ozal başlapdy.  2012-nji ýylda ol Toni Bler hakyndaky maglumaty ogurlamaklygy bilen türmede oturyp geldi.

Daily mail gazýetiniň ýazmagyna görä, pentagonyň ofissial wekilleri tarapyndan Junaidi fiziki ýagdaý bilen ýok etmeklik barada islegleriniň “güýçlidigini” bellep geçýärler.

Sanaw boýunça mundan ýokarda ganhor Mohammad Emwazi (Jihadist Jon lakamy bilen tanalýar) hem-de terrorçylar toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi hasapda durlar.

Amerikan razwedkasynyň maglumatlaryna görä, Husseýniň twitter sahypasynda IGIL-iň adyndan hat ýazýandygy mälimdir. Şeýle hem ol internetde amerikan ofisserleriniň öý salgylaryny çap edipdir, terrorçylyk üçin britanlaryň bankdaky hasaplaryny tozduryp, ABŞ-nyň fond bazarlarynyň işlerini bulaşdyrjakdygy barada howp salypdyr. Diýmek, hakykatdan hem biziň döwrümizde internet arkaly birnäçe zyýanlary ýetirip bolýan ekeni.

Bu barada öz teswirleriňizi goýmaklygy haýyş edýäris!


Haladym 

 ()

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №6

632 1 24.06.2015

Amerikan kompaniýasy selfi surata düşmeklik üçin köwüş oýlap tapdy

743 0 08.06.2015

Kompýuterleri we telefonlary bejermek üçin abzallar

1002 2 26.05.2016

Dünýäniň iň köne otlusy

653 1 22.01.2016

Sladda: IKEA kompaniýasy zynjyrsyz welosipedi satuwa çykarar

642 1 25.04.2016

Wodorod bilen işleýän tramwaý

660 3 23.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!