Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Ulanyjylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan telefony HTC 10 12-nji aprelde köpçülige görkezildi


HTC, täze smartfony HTC 10-y köpçülige hödürledi. Köpden bäri uly gyzyklanma bilen garaşylýan HTC 10, dizaýny we işleýşi bilen tehnologiýa janköýerleriniň ünsüni özüne çekse gerek.

HTC 10 öňünden çaklanşy ýaly 2.2 GHz tizlikde işleýän Snapdragon 820 prosessoryny ulanýar. Metal korpusy bilen üns çekýän telefonyň urgulara we çyzylmaga garşy ýokary derejede çydamlygy bellenilip geçildi. 4 GB operatiw ýady (RAM) bolan enjamyň, 32 GB we 64 GB hemişelik ýady bilen iki dürli görnüşi bar. Eger-de görkezilen hemişelik ýat göwrümi siziň üçin ýeterlik däl bolsa, onda telefona 2 TB (terabaýt) çenli SD karta oturtmak mümkinçiligi bar.

Ekranyň ýygylygy 2560 x 1440 piksel, piksel dykyzlygy 564 ppi, ekranyň göwrümi 5,2 dýum. HTC öňki telefonlarynda ulanyjylar tarapyndan edilen bellikleri göz öňünde tutup, ekranda ýer tutýan soft düwmeleriň ýerine, kapasitiw düwmeleri ulanypdyr. Şeýle hem “Baş sahypa”(Home) düwmesi barmak yzy sensoryny özünde jemleýär.

Şu güne çenli HTC-niň öndüren telefonlarynyň esasy tankyt edilen bölegi kamerasy bolupdy. Sebäbi ol UltraPiksel tehnologiýasy arkaly telefonlarynyň megapiksel sanyny azaldyp, pikselleriň göwrümini ulaltmak, şeýlelik bilen ýagtylygyň az şertlerinde has gowy fotosuratlar almagy öňe sürýärdi. Emma düşüren suratlaryny ýakynlaşdyryp görmegi halaýan ulanyjylary ol kanagatlandyrmaýardy. HTC One M9 telefonynda tankytlaryň netijesinde UltraPiksel tehnologiýasyny taşlap, 20 MP adaty kamera sensoryny ulandy, emma ýokary megapiksel sanyna garamazdan kamera temasynda bäsdeşlerinden asgyn gelmegi ulanyjylary ýene bir gezek lapykeç etdi.  Bu gezek kompaniýa dogry ýoly tapana meňzeýär, ýagny UltraPiksel 2 atly 1.55μm ululykdaky pikselleri bilen 12 MP-lik sensory birleşdirmegi başaran HTC 10-yň telefonyň kamerasy hünärmenlerden örän gowy baha aldy. Kameralara baha bermekde iň esasy firmalaryň biri bolan  DxOMark oňa 88 bal baha berdi. Bu bolsa telefonyň Samsung Galaxy S7 Edge bilen bilelikde smartfon kamerasy kategoriýasynda 1-nji orny eýeleýändigini aňladýar. Telefonyň hem 12 MP-lik esasy hem-de 5 MP-lik öňündäki kamerasynda OIS (Optical Image Stabilisation - optiki görnüş stabilizirleýji) ýerleşdirilendir. Şeýlelikde HTC 10 Selfie kamerasyna titremäge garşy sensor ýerleşdirilen ilkinji telefon boldy.

Şu wagta çenli audio ses hilinde öňdebaryjy bolan kompaniýa bu gezegem eli boş gelmedi. Telefon HTC BoomSound™ Hi-Fi Edition  tehnologiýasy arkaly 24-bit Hi-Res audio ulgamy bilen has ýokary hilli ses ulgamyny ulanyjylara hödürleýär. Ýöne ekranyň aşagyndaky ses kolonkalary telefonyň aşagyna geçirilen we görnüşleri üýtgedilen. Olaryň aşakda ýerleşýäni bass berýär, ýokarky bolsa ýokary ýygylykly ses. Telefonyň batareýasy 3000 mAh göwrümde bolup, ol 30 minutda 50% zarýad almagy başarýar.

HTC 10 satuwa çykaryljak wagty we bahasy

 

Telefon şu ýylyň maý aýynda satuwa çykarylyp başlanar, bahasynyň hem  Samsung Galaxy S7 bilen S7 Edge-iň aralygy bolmagyna garaşylýar.

 

HTC 10 tehniki aýratynlyklary:

Operasion ulgamy

• Android 6 we HTC Sense interfeýsi

Prosessor
• Qualcomm Snapdragon 820

• Dört ýadroly 2.2 GHz-e çenli, 64-bit

Ýady
• 4 GB RAM (operatiw ýat)

• 32 GB / 64 GB hemişelik ýat (2 TB-a çenli artdyryp bolýar)

Ekran

• 5,2 Super LCD 5

• 2560×1440 piksel, 564 ppi

Kamera

• 12 megapiksel UltraPiksel

• 5 megapiksel selfie kamera

Batareýa
• 3.000 mAh

Ölçegleri
• 145,9 x 71,9 x  9,0 mm

Agramy
• 161 gram


Haladym 

 ()

Google özüniň täze proýeksiýon klawiaturasyny işläp taýýarlaýar

681 1 11.07.2015

Iň arzan we iň ykjam UZI apparaty işlenip taýýarlanyldy

291 4 12.02.2018

Gün energiýasy bilen işleýän otly

1143 1 13.07.2015

Üç ölçegli surat näme?

864 1 08.06.2015

LG G4 öýjükli telefony

600 0 02.07.2015

Islam döwleti bilen baglanşykly hakerler Britaniýanyň ministrler kabinetiniň agzalarynyň poçtalaryny döwüpdirler

735 1 12.09.2015


Shooter
2016-04-14 09:38:42

gowy ekeni




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!