Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


“Facebook” üçin “Unlike” düwmejigi taryhdaky uly ýalňyşlyk bolup biler


Dowamly oňat görülýän ýeriňizde, tankyt edilýän ýeriňiziň hem bolup biljekdigini pikir edip gördüňizmi?

Köp ýyldan bäri internetde gep-gürrüň bolup dowam edip gelýän “Unlike” ýagny “Ýigrenmek” belliginiň düwmejigi şu gezek hakykatdan hem amala aşyrylar. Kä halatlarda sorag-jogap görnüşli göni ýaýlymlaryň birine gatnaşan we gaýtadan berilen sowala jogap beren Mark Zuckerberg: “Şol düwmejigiň üstünde işlenýändigini” aýtdy. “Facebook”-yň isleglere boýun bolandygyny we şol görnüşdäki düwmejigiň goşuljakdygynyň alamatlaryny görkezdi. Eger beýle bolýan bolsa, “Facebook”-yň ençeme ýyldan bäri garşy çykan düwmejiginiň goşulmagy nähili manyda bolar?

Sowalyň jogabyny bermezden ozal adamlaryň psihologiýasy bilen baglanşykly birnäçe zatlary aýtsak gowy bolar. Adamlar tebigy gurluşy bilen öwülmek, hormatlanmak we halanmak ýaly duýgulary oňat görýär. Şeýle ýagdaýdaky ýerlerde bolanlarynda şatlanýar, özleriniň tankyt edilýän ýerinde bolaslary gelmeýär. Häzirki wagta çenli “Facebook”-yň üstünlikdäki iň uly oruny almagynyň sebäbi bolsa şol ýagdaýdyr, hiç kim garşy çykmasa gerek. Adamlar köplenç “Facebook”-da hal-ahwalaty hakynda, giden dynç alyş ýerleri, satyn alynan täze zatlary ýa-da nähili şatlanýandygyny dostlaryna görkezmek we öwünmek üçin paýlaşmak belliklerini goýýarlar hem-de goýulan halamak belligi bilen “Facebook”-da agza bolup galmaklygyny dowam etdirýärler. Ýöne şol paýlaşylanlary hakykatdan hem näçe kişi halamak belligini goýduka?

Häzirki ulgamda agza dostlaryňyzyň içinden halamak belligini goýanlardan, beýleki agzalaryň näme pikir edýändigini bilip bolmaýar. Ýöne “Unlike” “Ýigrenmek” düwmejigi bilen şol hakykat ýüze çykar. Bu ýagdaý hem “Facebook”-y halanmaýan nokada eltip biler, ulanyjylar ilkinji nobatda paýlaşmakdan çekiner, soň-soňlar bolsa “Facebook”-dan agzalykdan çekilmäge başlar. Ulanyjylaryň arkasy bilen işleýän “Facebook” bu ýagdaý örän uly täsir eder. Ine şonuň üçin hem “Facebook” “Unlike” “Ýigrenmek” düwmejigini ýerleşdirmäge garşy.

Beýleki tarapdan “Facebook” diňe şadyýan habarlaryň paýlaşylýan ýeri däl. Ölüm-ýitim ýa-da şolar ýaly ýagdaýlary üçin hem “Halamak” düwmejiginiň ýerine başga bir çözgüt tapmaly bolar.

Teswir ýazmak elbetde çözgüt ýöne ýene-de bir düwmejik gerek bolar. Şol düwmejigiň adyna bolsa “Ýigrenmek” ýaly negatiw işlikden başga, adamlaryň isleglerini kanagatlandyrjak we şatlandyrjak söz bolmagy wajyp oruny eýeleýär. Mark Zuckerberg şol geleňsizlige ýol berjek dolandyryjy däl. Şatlykly pursatlary paýlaşyp azaldyp bolýan bolsa, gynançly pursady hem paýlaşyp azaldyp bolar. Şol sebäpli hem ses berilşigiň bolmagy ähtimally bar. Şeýlelikde ulanyjylaryň isleg bildirýän ikinji düwmejigi goşular hem-de bu ýagdaýdan “Facebook” hem peýdalanar. Täze düwmejigiň ady näme bolar? Muny bolsa wagt görkezer.


Haladym 

 ()

Cota - simsyz zarýat beriji enjamy radiotolkunlarynyň kömegi bilen zarýat berýär

674 2 10.09.2015

Wi-Fi routeriniň gurnalyşy

697 2 05.09.2015

Bu ýylky geçiriljek CES sergisinde näme görkezilerkä?

269 2 06.01.2018

Dünýäniň iň uly gämisiniň gurluşygy dowam edýär

564 0 28.07.2015

Smartfonlarda üçinji ölçeg

135 8 28.05.2018

ABŞ-nyň “Halkara Söwda guramasy” derňew işlerini geçirýär

718 2 16.05.2016





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!