Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI


2017/2018-nji  okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga Kabul edýändigini yglan edýär:

1.Türkmen milli saz gurallary.

2. Kirişli saz gurallary.

3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

4. Aýdym (wokal).

5. Saz mugallymçylygy.

6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

7. Halk tansy.

8. Fortepiano.

9. Hor dirižýorlygy.

10. Nakgaşçylyk.

11. Halk saz gurallary.

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-   den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda Kabul edilýär. Ýörite sungat mekdebiniň aýdym (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan- gyzlar Kabul edilýär. Resmi iş  kagyzlary Balkanabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda Kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: —  bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän iş  toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin). Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y,  awgust aýynyň 1-i we 3-i günlerinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde (Balkanabat ş.) geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri —  ünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; halk    tansy;  aýdym (wokal) hünärleri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy; nakgaşçylyk hünäri — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy; galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfedžio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., 126-njy kwartal, E.Ataýewa köçesi, tel., 6-73-63, 6-77-25


Haladym 

 ()

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

358 0 17.07.2017

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

752 3 20.07.2015

Geljekde kosmos giňişligindäki peýdaly gaty gazma baýlyklar özleşdirilip başlanylar

1313 2 31.07.2015

TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1711 1 23.07.2015

Nanotehnologiýa barada düşünje

1396 4 11.06.2015

Material nokadyň orta tizligi. Pursatlaýyn tizlik we tizlenme

916 3 10.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!